Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň wezipelerini kesgitläp berdi

  • 21.11.2019 06:16
  • 4.2k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda toplumyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda wise-premýer M.Meredow, Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji J.Orazow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Amanow, “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” döwlet konserninden wekil M.Amanow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan birnäçe taslamalar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, nebitgaz toplumynda, esasan hem nebit we gaz çykarmakda, onuň senagat gorlaryny artdyrmakda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň netijesi pese düşýär, ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalar yzygiderli ýerine ýetirilmän gelýär.
Pudaklarda sanly ulgama geçmek işleri hem haýal alnyp barylýar. Nebit önümlerini çykarmak we halkara bazarlaryna ibermek boýunça önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde kemçilikler bar. Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019-njy ýyl üçin meýilnamasy boýunça borçnamalary berjaý etmekde hem kemçiliklere ýol berilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriniň birnäçesini kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, nebitgaz toplumynyň önümçilik görkezijilerini has-da gowulandyrmak üçin ylmyň iň soňky gazananlary esasynda öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaly. Özara bähbitli şertlerde pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeli.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......