Bilermenler syýahat etmek üçin iň arzan ýurtlary atlandyrdylar

  • 20.11.2019 22:48
  • 6.4k+

Özbaşdak syýahatçylar başda meýilleşdireninden hem arzan bolan syýahatçylyk etmek üçin ýurtlar hakynda gürrüň berdiler, Avisales habar berýär.
Bu hyzmatyň hünärmenleri on müň töweregi peýdalanyjylardan sorag etdiler we haýsy döwletde olar üçin syýahat etmek tygşytly bolandygyny anykladylar.
Jogap berenleriň 23% iň amatly dynç alyş üçin Çehiýa gitmelidigini bellediler. “Dekabryň birinji ýarymynda men doglan günümi Pragada belledim. Doglan günümi hiç haçan şeýle arzan ýagdaýda bellemändim” – syýahatçy şahsy tejribesi bilen paýlaşýar. “Bu meniň daşary ýurda ilkinji syýahatym. Pragada ähli zatlar arzan” – ýene bir syýahatçy gürrüň berýär.
Wengriýa sanawda ikinji orny eýeledi, pikir soralanlardan 17%-i bu ýurda ses berdi. Ulanyjylar Budapeşta ýa-da Debresine uçuşyň gymmat däldigini, şeýle-de göwnüň açmak üçin zatlaryň we restoranlardaky iýmitleriň hem bahasynyň ýokary däldigini bellediler.
15% syýahatçy iň býujetli ugruň Serbiýadygyny aýtdylar.
14% syýahatçy özleriniň iň tygşytly dynç alyş günlerini Ispaniýada geçirdiler. Jogap berenleriň 10%-i Wýetnama ses berdi, olaryň tejribesi boýunça Wýetnamda bahalar Taýlandyňkydan iki esse pes. 9% Gruziýany saýlady, 7%-i Portugaliýadaky dynç alyş günlerinden hoşal bolupdy.
Onlugy Türkiýe jemleýär, oňa 5%-i ses berdi. Bir syýahatçy gürrüň berýär: “Liranyň hümmeti peselenden soň, Türkiýe söwda üçin diýseň arzan boldy. Gürrüň brend eşikleri barada gidýär, ýagny bazarlardaky däl-de, firma dükanlaryndaky”.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......