Türkmenistanda «SPEKA günleri» badalga aldy

  • 20.11.2019 05:22
  • 1.5k+

18-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde «SPEKA günlerine» badalga berildi.
«SPEKA» sebitinde söwda işiniň ýönekeýleşdirilmegi hakynda Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşygyny durmuşa geçirmek: Merkezi Aziýa köptaraply söwda ulgamynda” atly mowzuk esasynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Bütindünýä söwda guramasy we ýurdumyzyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda guran “tegelek stoluň” başynda geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan halkara ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň esasy maksady söwda işleriniň ýönekeýleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmekde bilelikdäki hyzmatdaşlyk üçin esaslary gözlemekden ybaratdyr. Bu wezipe Aşgabatda geçirilýän «SPEKA günleriniň» umumy konsepsiýasyna doly laýyk gelýär. Ol sebitde BMG-niň kadalaryny, standartlaryny ulanmak arkaly, söwda we ulag ulgamlaryndaky böwetleri azaltmak boýunça başlangyçlara goldaw bermäge gönükdirilendir.
Şeýle hem ol sebitleýin bazarlaryň giňeldilmegini, maýa serişdelerini, täzeçil tehnologiýalary çekmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň ykdysadyýetleri bilen goşulyşmak, serhetüsti satuw ulgamlaryny pugtalandyrmak meselelerini esasy ugur edinýär. Şeýle hem şol gün durnukly ulag, üstaşyr we arabaglanyşyk boýunça SPEKA-nyň iş toparynyň 24-nji mejlisi geçirildi. Onuň esasy mowzuklarynyň biri ulag taslamalaryna syn bermekden, SPEKA ýurtlarynda çäreleri we öňe sürlen başlangyçlary amala aşyrmakdan ybarat boldy.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we ESKATO sekretariatlarynyň wekilleri öz çykyşlarynda degişli hereketler we başlangyçlar, şeýle hem SPEKA ýurtlarynda ulag düzümini ösdürmäge goldaw bermek boýunça tagallalaryny mälim etdiler. Öz gezeginde, maksatnama agza döwletleriň wekilleri halkara we sebitleýin birleşmeleri gowulandyrmak üçin taýýarlan taslamalary bilen tanyşdyrdylar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......