Hytaýlylar Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary bilen tanyşdylar

  • 20.11.2019 05:09
  • 4k+

18-nji noýabrda Pekinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmen Alabaýy» atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy, şeýle hem «Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda türkmen milli we medeni mirasynyň şöhlelendirilmegi» atly ylmy maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Agzalan çärelere Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hytaýyň ozalky Türkmenistandaky Ilçileri, daşary ýurtlar bilen Hytaý Halk dostluk jemgyýetiniň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň professorlary we mugallymlary, syýatçynaslar we alymlar, kompaniýalaryň hem-de media wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar türkmen medeniýetiniň we mirasynyň aýratynlyklaryny wasp edýän, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döredijilik zähmetleri bilen tanyşdylar.
Tanyşdyryş dabarasyna we seminara gatnaşyjylar bu çäreleriň gurnalmagyna öz hoşallyklaryny bildirdiler, şeýle hem dostlukly türkmen halkyna mundan beýläk hem gülläp ösmegi we parahatçylygy baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......