Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady ösüşine seljerme berdi

  • 18.11.2019 23:29
  • 4k+

Halkara pul gaznasy 2019-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 6,3 göterim derejede ösmegine garaşýar. Bu netijä Halkara pul gaznasynyň (HPG) Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň 5-12-nji noýabr aralygynda Aşgabada iş saparynyň dowamynda gelindi.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň maksady Türkmenistandaky häzirki makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermekden, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de maslahatlary, şol sanda pul – maliýe ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Iri maliýe guramasynyň bilermenleri ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewürler hem-de diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem-de geňeşmeleri geçirdiler, olaryň barşynda halkara bilermenleri ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy netijeleri bilen tanyşdyryldy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna hem-de pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlaryna seljerme berildi, hasabatlara garalyp, olaryň esasynda makroykdysady çaklamalar düzülýär.
Sapar tamamlanandan soňra HPG-niň wekiliýeti öz saýtynda maglumat habaryny beýan etdi, onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň strategiýasyny maýa goýumlaryň hem-de importuň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň we eksporty höweslendirmegiň, maksatlaýyn ýeňillikli karzlary bermegiň, şeýle hem bu strategiýadan gelip çykýan halkara amallarda we töleglerde daşary ýurt pulunyň giň gerimli gözegçilik çäreleriniň hasabyna amala aşyrmagy dowam etdirýändigi bellenilýär.
HPG-niň wekiliýetiniň habarynda ýurdumyzyň geljekki ykdysady ösüşi üçin maslahatlar esaslandyrylýar.
Şunda hususy bölegi işjeň ösdürmek hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlik babatynda zerur şertleri döretmek maksady bilen, özgertmeleri dowam etdirmek üçin goldaw beýan edildi.
HPG-niň wekiliýeti Türkmenistana degişli edaralaryna pul — karz ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli hasaplaryň statistikasyny hem-de nyrh syýasatyny ösdürmek işlerinde maslahat kömegini bermäge taýýardygyny beýan etdi.
HPG-niň wekiliýetiniň geljekki sapary 2020-nji ýylyň mart aýyna meýilleşdirildi.

düýn 17:14
3.5k+

Altynyň bahasy ilkinji gezek bir unsiýa üçin 4500 dollardan geçdi: ol 50 gün bäri gymmatlaýar

Altynyň bahasy ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 4500 dollardan geçip, taryhy iň ýokary netijäni görkezdi. Nýu-Ýorkuň haryt biržasyndaky (COMEX) söwdanyň dowamynda fewral fýuçersi üçin baha iň ýokary derejesinde 4502,4 dollar boldy...

düýn 12:54
8.1k+

Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi...

22.12.2025 22:51
8.8k+

Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde  «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy...

22.12.2025 22:24
8.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi...