Zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligi amala aşyrylar

  • 17.11.2019 00:58
  • 6.6k+

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen nobatdaky mejlisinde ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda geçirilýän işler, zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini guramak boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany bu ulgamda görülýän çäreleriň raýatlaryň zähmete, hünäri we iş ýerini seçip almaga bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin zerur kepillikleri döretmäge, zähmet gatnaşyklarynyň taraplarynyň arasyndaky durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň ileri tutulýandygyny aýdyp, wise-premýerlere Ýokary gözegçilik edarasynyň maglumatlaryny düýpli seljermegi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi hem-de Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde edilen işler barada hasabat bermeklerini tabşyrdy.
Baş prokuror B.Atdaýewe halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bilen berk bagly bu wajyp wezipeleriň çözülişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak barada görkezme berildi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......