Sanly ykdysadyýet boýunça hünärmenleri taýýarlamakda daşary ýurtlaryň tejribesi öwreniler

  • 16.11.2019 23:56
  • 2.3k+

Türkmenistanda ýolbaşçy işgärleri, aýratyn-da, ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň işgärlerini taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň daşary ýurtlaryň degişli edaralarynda okuwlara we tejribe alyşmaga gatnaşmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany wise-premýerler G.Myradowa, P.Agamyradowa ýüzlenip, hünärmenleriň tejribe alyşmaklarynyň gerimini has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Bu ugurda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän ýurtlaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek mümkinçiligi mysal hökmünde görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýetiň esaslaryny öwrenmek üçin ykdysatçylaryň we maliýe işgärleriniň toparyny okuwlara ibermek ýa-da degişli hünärmenleri daşary ýurtlardan çagyryp, ýolbaşçylarymyzy hem-de hünärmenlerimizi özümizde okatmak bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany Aşgabadyň golaýynda iň täze Tehnologiýalar toplumyny gurmagy ýakyn geljek üçin wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy işiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Bu Maksatnama berk maýa goýum binýadyna esaslanmalydyr. Bu Maksatnama Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde gutarnykly serediler.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......