2020-nji ýylyň Döwlet býujetiniň 75 % durmuş ulgamyna gönükdiriler

  • 16.11.2019 06:14
  • 3.3k+

Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynda serişdeleriň 75 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyny ösdürmäge hem-de zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyplaryň we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutuldy.
Anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer G.Myradowyň hasabatynyň çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalary, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna», hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 10-njy maýyndaky Kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasy barada habar berildi. Resminamalar işlenip taýýarlanylanda, türkmen Lideriniň ykdysady strategiýasynyň esasy wezipeleri hem-de maslahatlary göz öňünde tutuldy.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
948

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......