2019-njy ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

  • 16.11.2019 06:06
  • 1.6k+

Şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterim derejesinde üpjün edildi. Bu barada anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow habar berdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1 göterim artdy, Daşary söwda dolanyşygy bolsa 4,2 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 15,7 milliard manada we çykdajy bölegi 15,6 milliard manada deň boldy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2018-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,6 göterim ýokarlandy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Rejelenen görnüşindäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 92-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 35-siniň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......