Gabarasyz ýükler üçin niýetlenilen uçar şahadatnamadan geçdi

  • 16.11.2019 00:26
  • 4.1k+

Airbus ýewropa awiagurluşyk konserni gabarasyz ýükleri daşamak üçin niýetlenilen täze Beluga XL transport uçarynyň şahadatnamadan geçmek işini tamamlady. Flightglobal web-saýtynyň ýazmagyna görä, awiasion howpsuzlygynyň Ýewropa agentligi birinji uçuşyndan 16 aý geçenden soň transport uçaryna şahadatnama berdi.
Şahadatnama prosesi netijede täze uçaryň awiasion hökümetiniň uçujy enjamlara hödürleýän talaplaryna doly laýyk gelýändigini subut edýän dürli synaglary geçirmegi göz öňünde tutýar. Täze awiasion tehnikasynyň şahadatnama prosesi, hakykatda onuň taýýarlaýyş işleriniň tapgyrynda birinji synagy geçýän wagtyndan başlanýar.
Beluga XL-iň şahadatnama meýilnamasyna jemi 200 uçuşy amala aşyran iki uçar gatnaşdy. Şahadatnamany üstünlikli geçmegiň kömegi bilen Airbus ýükleri yzygiderli daşamak üçin Beluga XL uçarlary 2020-nji ýylyň başynda ulanmaga başlap biler.
Beluga XL ýük uçarynyň taslamasyna 2014-nji ýylyň noýabrynda başlanylypdy. Täze transport uçarynyň esasy hökmünde hünärmenler A330-200 ýolagçy laýnerini aldylar.
Şahadatnama laýyklykda, Beluga XL uçarlary 51 tonna çenli agramlykdaky ýükleri daşamaklyga niýetlenilen. Şahadatnama resminamasynda transport uçary üçin iň ýokary uçuş agramynyň iki warianty görkezilen: 205 we 227 tonna. Şonuň bilen birlikde iň ýokary gonuş massasy iki wariant üçin hem birmeňzeş – 187 tonna. Transport uçarynyň uzynlygy 63,1 metre barabar, ganatynyň gerimi – 60,3 metr, beýikligi – 227 tonna iň ýokary uçuş massasynda 18,9 metr.
Beluga XL doly ýüklenilen ýagdaýynda dört müň kilometre çenli aralykda uçuşy amala aşyryp bilýär. Airbus täze uçarlar bilen A350 XWB ýolagçy laýnerleriniň ganatlaryny daşamagy meýilleşdirýär. Bir uçara ganatyň iki sany doly ýygnalan konsollary ýerleşip bilýär.
Täze transport uçarlary ýuwaş-ýuwaşdan 1990-njy ýyllarda A300 laýneriň esasynda döredilen könelişen Beluga-nyň ýerini çalşyrar. Airbus konserniniň awiaparkyna 5 sany şular ýaly uçujy apparat girýär.

düýn 12:54
1.9k+

Grand-Kanýonyň peýda bolmagyny gadymy kölüň daşmagy bilen baglanyşdyrdylar

Alymlar Grand-Kanýonyň emele gelmegi barada täze nazary pikiri hödürlediler: onuň takmynan 6,6 million ýyl mundan ozal gadymy kölüň daşmagy bilen emele gelen bolmagy mümkin. Bu barlagyň netijeleri Science......

düýn 12:14
5.6k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

24.04.2026 15:00
4.5k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

24.04.2026 14:31
2.5k+

Günde X2.5 derejeli güýçli partlama bolup geçdi

Şu gün sagat 06:07-de (Aşgabat wagty bilen) Günde X2.5 derejeli partlama hasaba alyndy. Bu ýagdaý, soňky iki ýarym aýyň dowamyndaky iň güýçli hadysalaryň biridir. Şoňa meňzeş derejedäki partlama (X4.2) iň......