Bilim we sport forumynyň çäklerinde gol çekilen resminamalar

  • 15.11.2019 07:05
  • 2.5k+

14-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» halkara forumyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda:
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «ELХOLDING» ygtyýarlygy çäklendirilen ylmy-önümçilik birleşiginiň arasynda bilim tehnologiýalary babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telekommunikasiýlar we informatika instituty bilen Kluž – Napoka şäherindäki Tehniki uniwersitetiniň arasynda ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener –tehnologiýalar uniwersiteti bilen Buharest şäherindäki Politehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Buharestiň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.
Mundan başga-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokary bilimiň Federal döwlet býujet bilim beriş edarasy “Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň” arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Wolgograd döwlet durmuş-mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Russiýa federasiýasynyň «Şýolkowo Agrohim» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Inha uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Inha uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Forumyň barşynda şeýle hem sport ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara - Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Aziýanyň Hokkeý federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Portugaliýanyň «Сlass Aсademy» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Nygtalyşy ýaly, bu resminamalar hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe alyşmak ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......