Aşgabatda bilim we sport boýunça halkara forum geçirilýär

  • 15.11.2019 06:56
  • 2.1k+

14-nji noýabrda paýtagtymyzda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Forumyň işine Hytaýdan, Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Portugaliýadan, Singapurdan, Latiwiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan kompýuter, multimediýa tehnikasyny, mekdep mebelini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy gatnaşýar.
Forum şeýle hem ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 120-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.
Ýokary tehnologiýaly enjamlaryň hatarynda «Microsoft», «Lenovo», «Huawey», «Sony», «ACER», «DELL», «Samsung», «Apple» ýaly meşhur kompaniýalaryň önümleri bar.
Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlary, Himiýa instituty, beýleki ylmy edaralar hem özleriniň işläp taýýarlamalaryny görkezýärler.
Forumyň çäklerinde daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň wekiliýetleriniň agzalary hem-de professor-mugallymlar düzümi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine baryp görerler hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde çykyş ederler.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......