Türkmenistanyň «Doýçe bank AG» bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 14.11.2019 06:50
  • 2.5k+

12-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-de “Deutsсhe Bank AG” öňdebaryjy nemes bank konserniniň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça sebit müdirliginiň direktorlarynyň dolandyryjysy Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen “Deutsсhe Bank AG-niň” arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar. Bilelikdäki taslamalary geljekde ösdürmek barada gürrüň gidende, nemes kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk temasyna we Ykdysadyýet boýunça türkmen-german Hökümetara iş toparynyň ornuna seredilip geçildi.
Halkara kadalary we iň uly halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, taraplar Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamyndaky oňyn üýtgeşmeler we bu ugurda sanly ulgama geçmegiň wajyplygy barada aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, maliýe jenaýatlara garşy göreş boýunça halkara mehanizmler pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alşyldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......