«Haldor Topsoe» kompaniýasynyň TIGAS tehnologiýasy «2019 IChemE» halkara baýragyny aldy

  • 14.11.2019 06:42
  • 2.2k+

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynda ulanylýan sintetiki benzin tehnologiýasy TIGAS “2019 IChemE” halkara baýragynyň nebit-gaz ulgamynyň ýeňijisi boldy, diýip Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň saýty habar berýär.
Birleşen Patyşalygyň Hall şäherinde geçirilen çärede “2019 IchemE” baýragy TIGAS tehnologiýasyny işläp taýýarlaýjy “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň wekillerine gowşuryldy.
Kompaniýanyň durnukly biznes bölüminiň dolandyryjy wise-prezidenti Kim Knudsen TIGAS tehnologiýasynyň şeýle baýraga mynasyp görülmegine birnäçe ýyllap alnyp barlan barlag we kämilleşdiriş işleriniň sebäp bolandygyny belledi. “Netijede Türkmenistanda dünýä derejesinde ilkinji gazdan benzin öndürýän zawody işe girizdik” diýip, Knudsen aýtdy.
“Haldor Topsoe” kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän prosesi işläp taýýarlan dünýäde ýeke-täk kompaniýa bolmak bilen, onuň TIGAS tehnologiýasy senagat ululygynda ilkinji gezek Türkmenistanda ulanyldy.
TIGAS tehnologiýa nebit-gaz ulgamy boýunça “2019 IChemE” halkara baýragynyň soňky tapgyrynda “ExxonMobil Chemicals”, “Flour”, “PETRONAS Penapisan” we “Saudi Aramco” kompaniýalarynyň işlerinden üstün çykdy.
“IChemE” halkara baýragy 25 ýyl bäri himiýa inženerligi babatynda kämil işlere gowşurylýar. 1922-nji ýylda açylan Himiýa inženerleri instituty (IchemE) tarapyndan gowşurylýan bu baýraga öz ugrunda dünýäniň iň abraýly baýragy hökmünde garalýar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......