Uçar-gülle ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

  • 13.11.2019 22:41
  • 4.2k+

Otto Aviation kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan geljegi amerikan uçary bolan Celera 500L uçuşyny amala aşyrdy. The Drive-iň ýazmagyna görä, uçar Kaliforniýa ştatynyň Wiktorwilla şäherinde ýokary galdy. Neşiriň belleýşi ýaly, ähtimal, bu uçuş birinjidir, ýöne anyk belli däl, çünki uçary taýýarlamak işleri berk gizlin ýagdaýda alnyp barylýar.
Celera 500L uçarynyň tomus synaglary hem doly belli däl. Uçar uçuşyny noýabryň başynda amala aşyrdy, ýerüsti synaglaryny bolsa, mümkin, şu ýylyň iýun aýyndan başlandyr.
Celera 500L uçaryny taýýarlamak işleri soňky onýyllygyň dowamynda alnyp barylýar. Perspektiw uçujy enjam ABŞ-nyň N818WM raýat awiasiýasynyň Federal edarasy tarapyndan eksperimental bellige alnan. Uçar ok ýa-da damja şekilinde ýerine ýetirilen fýuzelýaža eýe.
Celera 500L nusgawy uçar shemasy boýunça döredilen. Uçaryň guýrugynyň ýerleşýän böleginde itekleýän bäş ganatly, howa bilen işleýän nurbatly turbo hereketlendiriji oturdylan.
Hereketlendirijiniň howahaýatlary fýuzelýažyň guýruk ýerleşýän böleginiň ýokary ýüzüne çykarylan. Ganatyň gutarýan ýeri birneme ýokary gyşardylan.
Celera 500L uçaryň tomusky häsiýetnamalary belli edilenok. Uçaryň eksperimental nusgasy illýuminator bilen üpjün edilmedik, şonuň üçin onuň nämä niýetlenendigine doly düşünmek kyn. Ähtimal, Celera 500L iş awiasiýasy üçin taýýarlanýandyr. Ýöne ol uçujy enjamlaryň we olaryň tygşytlylygynyň aerodinamikasyny kämilleşdirmek usulyny taýýarlamak meýilnamasynda synaga niýetlenilen enjam hem bolup biler.
Şu ýylyň ýazynda günorta afrikan kompaniýasy Pegasus Universal Aerospace dik uçuş we gonuş üçin şäher binalarynda we hususy ýahtalarda standart dikuçar meýdançalaryny ulanyp biljek VBJ iş uçarynyň üstünde işledi.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......