«Microsoft» Ýaponiýada zähmet öndürijiligini 40% ýokarlandyrdy

  • 13.11.2019 01:05
  • 1.9k+

Microsoft amerikan korporasiýasynyň ýapon şahamçasy dörtgünlük iş hepdesine geçmek bilen eksperiment geçirdi. Onuň dowamynda iş wagtynyň gysgaldylmagyna garamazdan, zähmet önümliliginiň ep-esli artýandygy anyklanyldy. Bu barada Trendiň mälim etmegine görä, TACC-a salgylanmak bilen Asahi gazeti habar berýär.
Şu ýylyň awgust aýynda kompaniýa özüniň 2,3 müň töweregi işgärini, her bäşinji gün hak tölenilýän rugsadyň hasabyna girýän täze grafika geçirdi. Şeýle-de, işgärlere şol aýyň içinde ýörite duşuşyk guraman, messenjerlarda onlaýn-çat arkaly ýygy-ýygydan aragatnaşyk etmek tabşyryldy. Zerur bolan halatynda gepleşikleri 30 minutdan köp geçirmezlik we olara köpünden bäş adamy çagyrmaklyk rugsat berildi.
Eksperimentiň netijesi boýunça, bir işgäre satuwyň möçberiniň ösüşiniň 40% bolandygy kesgitlenildi. Şonuň bilen birlikde ofisde elektroenergiýanyň sarp edilişi 23% peseldi, çap işleri we kopiýa etmek üçin kagyzlaryň ulanylyşy bolsa ýarysyndan kemeldi.
Sorag geçirmäniň netijesinde alnan maglumatlara görä, işgärleriň 92% töweregi dörtgünlük iş hepdesine geçilmegini oňyn bahalandyrdylar we stresiň derejesiniň peselendigini bellediler. Muňa garamazdan, eksperiment wagtynda artyk edilen işiň möçberi hasaba alynmady, ýöne Microsoft awgust boýunça hiç hili agyr işleriň bellige alynmandygyny nygtaýar.
Ýapon şahamçasy dörtgünlük iş hepdesini hemişelik esasda girizmekçi däl, ýöne onuň bilen eksperimenti dowam etdirmäge taýýar.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......