Türkmenistan ynsanperwer kömek hökmünde Owganystana transformator berer

  • 12.11.2019 06:37
  • 4.1k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Energetika ministrligine güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolan 1 sany transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir biziň ýurdumyz owgan hyzmatdaşlar bilen bilelikde halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem Owganystanyň çäklerinde demir ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi bu ýurdy Türkmenistanyň üsti bilen Ýewraziýa yklymynyň giň gerimli geoykdysady giňişligi bilen birleşdirmäge mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, Türkmenistan mekdepleri, hassahanalary hem-de beýleki durmuş ähmiýetli desgalary gurmak, ynsanperwer kömegini yzygiderli ibermek arkaly owgan ilatyna yzygiderli esasda ynsanperwer kömegini berýär. Syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegine hut şunuň ýaly toplumlaýyn çemeleşme, biziň pikirimizçe, owgan meselesini geljekde-de netijeli çözmäge mümkinçilik berer diýip, Türkmen Lideri nygtady.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......