Nädip telefona dogry zarýad bermeli

  • 10.11.2019 21:23
  • 14k+

Akkumulýatoryň ömrüni we hyzmat ediş möhletini nädip uzaltmaly?
Biz ulanylýan bataraýlere (Li-lon, Li-Po, NiMH, NiCD) garaşsyzlykda islendik akkumulýatoryň möhletini uzaldyp bilýäris.
1. Temperatura – akkumulýatory salkyn ýerde saklaň, ony günden we gyzdyryjy elementlerden goraň.
2. Bütinleý razrýad – ýatda saklaň, bölekleýin razrýad howpsuz, bütinleý razrýad bolsa batareýi zaýalaýar, iň gowusy zarýadyň derejesini 30%-den 80%-e çenli saklamaly.
3. Dartgynly iş – eger-de siz ykjam gurluşy oýun (Pokemon Go ýaly) ýa-da göwrümli çeşmeler üçin ulanjak bolsaňyz, kuwwatly akkumulýatorlara eýe bolan telefonlary saýlaň.
4. Çalt zarýad bermäň – siziň telefonyňyz firma tehnologiýalaryny (Qualcomm Quick Charge, Pump Express, VOOC, Super mCharge we beýlekiler) göterýän bolsa, diňe original zarýad beriji gurluşlary ulanyň. Eger-de akkumulýatoryň hyzmat ediş möhletini uzaltjak bolsaňyz, ýokary kuwwatlyga eýe bolan adapterli yzygiderli režimde zarýadyň derejesini 80%-den ýokarlandyrmajak boluň.
5. Akkumulýatory gorap saklamak – erbet sebäp bolup ýokary temperatura we ýokary agramlyk çykyş edýär, şonuň üçin telefony ýa-da Li-Ion batareýli islendik gajeti bölekleýin zarýadlama (meselem, 50%-e çenli) bilen salkyn ýerde saklaň.
Täze telefona dogry nädip zarýad bermeli?
Zarýad gurluşy birikdiriň we ilkinji hem-de indiki ulanylyşlaryň öňünden zarýad beriň. Doly ýa-da uzak wagtlaýyn zarýad Li-Ion we Li-Polymer üçin hökman däl.
Zarýad wagtynda ähli gerek bolmadyk funksiýalary öçürmek maslahat berilýär. Meselem, artykmaç agramdan we “100%” derejäniň ýalňyş kesgitlenmeginden gaçmak üçin, energiýa tygşytlaýjy režime geçiriň.
Akkumulýatora nähili zyýan bolup biler?
Pes derejeli zarýadda saklamak goraýyş zynjyrynyň öçmegine we hatardan çykma getirýär (telefon ýanmaýar, energiýanyň prosent derejesi “bökýär” we şular ýaly). Fiziki zeperler we içki sebäpler (esasanam, gyzma) korpusyň germetik bozulmagyna, üpjünçilik elementiniň öz-özünden ýanmagyna getirýär.
Telefony doly derejede zarýadlama gerekmi?
Zarýadyň derejesini 30% bilen 80%-iň aralygynda saklaň.
Akkumulýatoryň zarýadynyň arasyny üzmek bolýarmy?
Üpjünçilik elementiniň göwrüminiň bölekleýin doldurylmasy hiç hili zyýan ýetirmeýär – bu smartfony ýa-da awtonom ýagdaýdaky islendik ykjam gurluşy saklamagyň iň gowy usuly.
Telefony iň soňkusyna çenli zarýadsyzlandyrmak bolarmy?
Bütinleý razrýad (0%-e çenli, kähalatlarda bolsa zarýadsyz akkumulýatorly gajeti ýakmak synanyşygy) wagtyndan öň könelmä we zaýalanma getirýär.
Zarýadlanandan soň telefony rozetkadan aýyrmak bolýarmy?
Hökman – köp ýagdaýlarda gurluşy rozetkada galdyrmak howply. Akkumulýator boýunça ekspertler topary subutnama getirýärler, ýagny telefonda zarýad prosesi doly derejede kontrollyga alynýar, haçan-da akkumulýatoryň göwrümi dolan wagtynda zarýad gurluşdan energiýany kabul etmek öçürilýär, barybir seresap bolmak zyýan etmeýär.
Telefonyň zarýad wagtynda gyzmasy laýykmy?
Ýok, akkumulýator sowujak ýagdaýda ýa-da çala ýyly halatynda bolmaly, ýöne gyzgyn däl. Güýçli gyzma köplenç halatda alternatiw zarýad berijiler ýa-da zarýad gurluşa birikdirilen halatynda telefonyň işjeň funksiýalary arkaly artykmaç agramlyk sebäp bolýar – telefony energiýa tygşytlaýja geçiriň.
Telefonyň ýa-da batareýiň gyzmagyna katuşkaly simsiz zarýad berijiler we pes hilli elektronikalar hem sebäp bolup bilýär – satyn alan wagtyňyzda “telefony gyzdyrýarmy”diýen söze jogaby barlaň.
Telefon üçin zarýad beriji gurluşy dogry nädip saýlamaly?

Telefonyň instruksiýasyndaky agrama we tok güýjüne tehniki talaplary barlaň. Zarýad berijiniň ýokary hillidigini ýa-da ýokdugyny bilmek aňsat – ol gurluşy haýal zarýadlandyrar (üç ýa-da dört sagatdan hem köp).

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......