«Türkmenhowaýollary» Saud Arabystanyna we Malaýziýa gatnawlary ýola goýar

  • 09.11.2019 19:03
  • 4.3k+

«Türkmenhowaýollary» 2020-nji ýylyň fewral aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine howa gatnawlaryny başlamagy meýilleşdirilýär. Bu barada hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň ýokary netijeliligini üpjün etmek boýunça birnäçe çäreleri kesgitledi. Soňky ýyllarda bu pudak kuwwatly itergä eýe boldy. Ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri guruldy. Howa uçarlarynyň üsti olaryň täze görnüşleri bilen ýetirilýär.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar-awgust aýralynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, «Türkmenhowaýollary» tarapyndan ýük daşamaklygyň möçberi 34,6%, ýük dolanyşygy – 34% artdy. Ýolagçy gatnawy 2,3% ýokarlandy.
Ýurdumyzyň howa menzilleri çäk we ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, üstaşyr ugurlar üçin hem örän amatlydyr. Şeýle hem tehniki gonuşlar we uçarlara degişli hyzmaty ýola goýmak babatda ýurdumyzda zerur şertler bar. Munuň özi Türkmenistanyň ýurtlary we yklymlary baglanyşdyrýan halkara ulag aragatnaşyklary ulgamynyň möhüm bölegi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze ugurlar boýunça yzygiderli gatnawlary amala aşyrmak hakyndaky teklipleri makullady.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......