18-21-nji noýabrda Aşgabatda «SPEKA» günleri geçiriler

  • 09.11.2019 17:33
  • 1.6k+

Türkmenistanyň SPEKA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 18-21-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejedäki halkara çäreleri («SPEKA günleri») geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň anna güni geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (SPEKA) durmuşa geçirmäge bagyşlanan ýokary derejeli halkara çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
SPEKA maksatnamasy 21 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary, Azerbaýjan, Owganystan hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde netijeli amala aşyrylýar.
Aşgabatda geçiriljek şol çäreleriň hatarynda SPEKA maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň söwda syýasaty boýunça forumy, SPEKA maksatnamasynyň durnukly ulag we söwda boýunça iş toparlarynyň mejlisleri hem-de «SPEKA — 2019» ykdysady forumy bar. Şol forumyň netijeleri boýunça «Aşgabat başlangyjy» atly resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär. 21-nji noýabrda SPEKA maksatnamasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 14-nji mejlisi geçiriler.
Bu çäreleriň dowamynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen bilelikde degişli işler geçirilýär.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......