Ýokary derejede türkmen-italýan gepleşikleri geçirildi

  • 08.11.2019 06:28
  • 2.9k+

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde öňdebaryjy italýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen iş ertirlik naharyna gatnaşdy. Ertirligiň dowamynda italýan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini giňeltmek barada konstruktiw söhbetdeşlik geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýany bilen diňe döwlet däl-de, eýsem ýurdumyzyň hususy sektorynyň wekillerinden ybarat bolan uly wekiliýet hem gitdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte bilen duşuşdy. Ýurduň Premýer-ministriniň “Kiji” kabulhanasynda geçen duşuşygyň resmi bölümiden soň gepleşikler ikiçäk düzümde, soňra bolsa Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçdi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özarabähbitli gatnaşyklary geljekde berkitmäge ygrarlydygyny bellediler.
Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň dürli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge iterjek, şeýle-de energetika, senagat, ulag, ylym-bilim we beýleki pudaklardaky işini kadalaşdyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy. Duşuşyk Kwirinal Köşgünde resmi dabara bilen başlandy we dostlukly häsiýetde geçdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Duşuşykdan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan ýokary derejeli myhmanynyň şanyna berlen resmi günortanlyk naharyna gatnaşdy. Soňra döwlet baştutanynyň awtoulag kerweni Rimiň Wenesian meýdanynda ýerleşýän «Altare della Patria» atly ýadygärlikler toplumyna ugrady we ol ýerde döwlet baştutanymyz Näbelli esgeriň ýadygärligine gül çemenini goýdy.
Resmi saparyň meýilnamasyny tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti öz Watanyna dolandy.

düýn 23:57
499

Serdar Berdimuhamedow Rimde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi...

düýn 11:07
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow Rimde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyşyna gatnaşdy

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir...

düýn 10:55
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik forumynda çykyş etdi

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär. «Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklaryň...

düýn 09:03
2.9k+

Türkmenistan hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ABŞ-da hemişelik bitaraplyk tejribesini görkezdi

24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming Döwlet uniwersitetiniň kampusynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda we goldaw bermeginde gurnaldy...