Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

  • 07.11.2019 01:09
  • 2.4k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy.
Şol günüň özünde Milan şäheriniň «Rosa Grand Milano» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Italiýanyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty öz işine başlady. Çäräniň dowamynda maslahata gatnaşyjylar energetika, nebit-gaz pudagy, telekommunikasiýa, ulag, syýahatçylyk we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Işewürler maslahatynyň netijeleri boýunça iki ýurduň degişli edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň arasynda resminamalaryň saldamly bukjasyna gol çekildi.
Şeýle hem Milanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gazananlaryna we medeni mirasyna bagyşlanan sergi geçirildi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......