Aşgabatda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirildi

  • 07.11.2019 00:41
  • 1.2k+

5-6-njy noýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi.
Şu ýyl foruma dünýäniň 16 döwletinden metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, işewür hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, belli ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-tehnologiýalar boýunça hünärmenler, žurnalistler gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Awstriýa, Azerbaýjan, Belarus, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Koreýa Respublikasy, Moldowa, Pakistan, Polşa, Russiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa döwletlerinden wekiller bar.
Sergi-ýarmarkada iri daşary ýurt okuw mekdepleriniň — Moskwanyň politehniki uniwersitetiniň, Maşadyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Pekin döwlet uniwersitetiniň, Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň, Stambul uniwersitetiniň diwarlyklary ýerleşdirildi.
Türkmenistandan sergä edara-kärhanalaryň 58-siniň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ylmy institutlaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Iri döwlet kärhanalary, şeýle hem hususy çaphanalar ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.
Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň hem-de ylmy-maslahatyň ýapylyş dabarasynda sergä gatnaşyjylara, şeýle hem onuň çäklerinde geçirilen «Ýylyň iň gowy kitaby», «Ýylyň iň gowy okuw kitaby», «Ylmy-köpçülikleýin we çeper neşirler», «Çagalar kitaplary», «Poligrafiýa taýdan iň gowy çap edilen kitap», «Iň gowy neşir bezegi» diýen ugurlar boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerine diplomlar gowşuryldy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......