Ahal welaýaty pagta taýýarlamak borçnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirdi

  • 05.11.2019 04:46
  • 2.5k+

Ahal welaýatynyň ekerançylary «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler.
Pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýörite tehnikalary satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna hem-de oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga has-da gyzyklanmaklaryna oňyn täsir edýär.
Döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagynda welaýat boýunça «ak altynyň» bol hasylynyň öndürilmeginde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. Welaýatyň pagta hasylyny öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetiren Gökdepe, Ak bugdaý we Sarahs etraplarynyň pagtaçy daýhanlarynyň çeken netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Ahal welaýatynda pagta ýygymy möwsümi dowam edýär. Boýun alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren pagtaçylar «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýygnamak üçin yhlasly zähmet çekýärler.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......