Apple готовит лучшую пиццу в США

  • 05.11.2019 03:42
  • 4.2k+

Apple kompaniýasynyň işgärleri kompaniýanyň örän tagamly pizza taýýarlaýandygyny gürrüň berdiler. Käbirleri ony “ABŞ-da iň gowy pizza” diýip atlandyrýarlar.
Apple pizzanyň taýýarlanylmagyna çynlakaý garaýar. Öňki ştab-kwartirada odun bilen ýakylýan peç bar, dizaýnerler bolsa ýylylygy gowy saklaýan ýörite gap oýlap tapdylar.
Belli bir wagtda Apple-iň işgärleri pizzany ýygy-ýygydan zakaz edipdirler, şol sebäpli kompaniýa adam başyna üç pizzadan artyk satmagy gadagan edipdir.
“Bu meniň Birleşen Ştatlarda iýen iň gowy pizzam. Ol hakykatdanam süýji” – Luka Todesko, dörediji.
Apple pizzany aýratyn usul bilen taýýarlaýar, şonuň üçin ol şeýle tagamly.
“Men pizzany gowy görýärin we ony her şäherde diýen ýaly iýýärin. Men bu pizzanyň gowudygy barada aýdyp bilerin, sous örän tagamly, peýnir bolsa gowy eredilen. Men Apple-iň muşdagy, pizzany Apple-iň ştab-kwartirasynda dadyp görmek meniň üçin arzuwdy” – Iwan Rodrigez, dörediji.
Apple-iň kafeteriýasynda islege görä alty pizza elýeterli. Olaryň bahasy $7-8, bu ABŞ üçin gymmat däl. Google-dan we Facebook-dan tapawutlylykda, Apple özüniň işgärlerini mugt naharlanok.
Tölegli günortanlygyň hem Stiw Jobs bilen bagly gyzykly taryhy bar.
iOS boýunça Apple-iň öňki wise-prezidenti Skott Forstall Stiw bilen günortanlyk edinende, Jobsyň hemişe özüne derek töleýändigini gürrüň berýär. Forstalla bu ýakmandyr, ol Jobsdan beýtmezligi haýyş edipdir. Stiwiň jogaby garaşylmadyk jogap bolupdyr:
“Sen nahar üçin öz işçi kartyňdan töleýändigiňi, soň bolsa biziň şol puly seniň iş hakyňdan tutýandygymyzy sen bilýäňmi? Maňa ýylda diňe dollar töleýärler! Her gezek men öz kartymy geçirenimde, biz mugt naharlanýarys”.
Apple-iň pizzasyny dadyp görmek aňsat däl. Siz ýa-ha kompaniýanyň işgäri bolmaly, ýa-da siz kafeteriýa barmak mümkinçiligiňiz bolar ýaly tanşyňyz bolmaly.

вчера 19:48
896

Google Translate начал использовать ИИ Gemini. Он лучше понимает контекст

Google внедрила систему искусственного интеллекта Gemini в сервис Google Translate, благодаря чему переводы стали точнее и естественнее. Об этом сообщает издание MacRumors....

вчера 17:05
6.2k+

В деньгах ли счастье? Ученые дали этому вопросу научный ответ

Деньги для современного человека значат больше, чем когда-либо за последние 30–50 лет. К такому выводу по итогам нового исследования пришла группа ученых под руководством профессора Джин Твенге из Университета......

вчера 15:40
1.2k+

«Тень прошлого»: Питер Джексон готовит новый фильм по «Властелину колец»

Warner Bros. работает над новым фильмом во вселенной «Властелина колец» под названием «Тень прошлого». Об этом сообщил режиссёр Питер Джексон....

вчера 15:21
2.2k+

В Нидерландах нашли возможное захоронение мушкетёра д’Артаньяна

В Нидерландах обнаружены останки, которые могут принадлежать мушкетёру д’Артаньяну. Об этом сообщает телеканал NOS....