Birža hyzmatlaryny «onlaýn» tertipde amala aşyrmak meýilleşdirilýär

  • 03.11.2019 10:09
  • 2.3k+

Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde biržanyň işini iki tapgyrda döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipler hödürlenildi.
Birinji tapgyrda şertnamalary biržada bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ulgamyň girizilmegi bilen, birža hyzmatlaryny «onlaýn» tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler. Bu ulgam resminama dolanyşygynyň döwrebap usullaryny ýola goýmak bilen, iş öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmaga, maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge ýardam eder.
Ikinji tapgyrda birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmegi ornaşdyrmak teklip edilýär. Birža söwdalarynyň «onlaýn» tertibinde guralmagy söwda gatnaşyjylara birža barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden sanly ulgam arkaly gatnaşmaga mümkinçilik döreder. Bu bolsa bäsleşikli söwdalara köp sanly alyjylaryň gatnaşmagyna we harytlaryň amatly bahalarynyň emele getirilmegine, eksportyň möçberiniň artmagyna ýardam eder.
Döwlet Baştutany wise-premýere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrdy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......