Türkmenistanda tehniki ýoduň önümçiligi we eksporty artdyrylýar

  • 03.11.2019 09:55
  • 1.7k+

Türkmenistanda her ýyl tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilýär, munuň özi içerki bazaryň hajatlaryny üpjün edýär, ýoduň agramly bölegi bolsa eksport edilýär. Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda ýerleşen «Çukurguýy» meýdançasynda ýylda 90 tonna tehniki ýod öndürýän täze dört sany tejribe-senagat desgalary ulanylmaga berildi. Bu barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzda ýoduň hem-de duzuň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatynyň çäklerinde belledi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen tehniki ýoduň 300 tonnadan gowragyny goşmaça öndürmäge mümkinçilik dörär, bu bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň eksport mümkinçiliklerini artdyrar.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kombinatynyň düzüminde kuwwaty ýylda 40 000 tonna ýodlaşdyrylan nahar duzuny we 2500 tonna gerdejik görnüşli tehniki duzy öndürýän täze önümhananyň gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada habar berildi.
Döwlet Baştutany halk hojalyk toplumynyň hem-de ilatyň öz ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli, ýokary hilli himiýa önümlerine bolan isleglerini öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, öndürilýän nahar we tehniki duzuň hem-de ýoduň ekologiýa talaplaryna we halkara ölçeglere kybap gelmeginiň möhümdigini aýtdy hem-de bu babatda tabşyryklary berdi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......