Türkmenistanda döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň tertibi tassyklanyldy

  • 03.11.2019 09:42
  • 6.5k+

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýakynda geçirilen mejlisinde «Kärende hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibini tassyklady.
Gol çekilen resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine döwlet emläginiň kärende şertnamalaryny bellenen tertipde bellige almak hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Mejlisde bellenilişi ýaly, bu ulgamda gatnaşyklaryň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda kärende hyzmatlar bazaryny has-da giňeltmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti bazar gatnaşyklaryna geçilmegi, hususy telekeçiligiň ösmegi bilen baglylykda hereket edýän kadalaşdyryjy namalaryň döwrüň talabyna kybap getirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Kararyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......