Sankt-Peterburgda «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

  • 02.11.2019 06:01
  • 2.6k+

1-nji noýabrda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg bölümi we «Меkan» türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky jemgyýeti geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Suratkeşler birleşiginiň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan döredijilik topary Türkmenistandan bardy. Dabaraly çärelere Leningrad oblast administrasiýasynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň merliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Sankt-Peterburgda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary gatnaşdylar.
«Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseriniň çapdan çykmagynyň Türkmenistanyň ruhy-medeni durmuşynda ähmiýetli waka bolandygyny, milli gymmatlygymyzyň wagyz edilmeginiň iň ýokary belentligi bolandygyny hem-de Prezidentimiziň watandaşlarymyza Türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli beýik sowgadyna öwrülendigini nygtadylar.
«Russiýa – meniň taryhym» («Россия – моя история») Taryhy seýligähiniň foýesinde «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly sergi ýaýbaňlandyryldy, onda Türkmenistan hakyndaky kitaplar, türkmen suratkeşleriniň eseleri, milli egin-eşikler, türkmen zergärleriniň elinden sünnälenip çykan zergärçilik şaýlary görkezilendir. Şeýle hem uly ekranlarda häzirki zaman Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri baradaky wideofilmler görkezilýändir.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......