Dekabrda «Türkmenistan awiakompaniýasy» Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna uçuşlaryny dikelder

  • 02.11.2019 04:57
  • 5.6k+

Türkmenistanyň awiatorlary Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym adasyna täze ugurlary ýola goýarlar, şeýle hem Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary dikelderler. Ýakyn günlerde Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany), Birmingeme (Beýik Britaniýa) we Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) uçar petekler satylyp başlanar. «Türkmenistan awiakompaniýasy» AGPJ dekabryň ikinji ýarymyndan şol ýurtlara ýolagçy gatnatmagy amala aşyryp başlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Türkmen awiatorlary ýylda halkara we içerki gatnawlarda üç milliona golaý adama hyzmat edýärler. Ýewropa howpsuzlyk ulgamy talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikatyň we Ýewropanyň şäherlerine uçargatnawlaryna lizensiýanyň alynmagy awiakompaniýa üçin wajyp waka boldy.
Awiasiýa howpsuzlygy Ýewropa agentliginiň (AHÝA) Aşgabatda geçiren göçme auditiniň netijeleri boýunça awiakompaniýa «üçünji ýurtlaryň operatory» hökmünde ykrar edildi. Şeýlelik bilen Ýewropa agentligi «Türkmenistan awiakompaniýasy» AGPJ-niň görkezilen birleşige girmeýän ýurtlaryň awiakompaniýalaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklady.
Ýewropa ýurtlaryna uçuşlara sertifkat «Türkmenistan awiakompaniýasy» AGPJ-niň işgärleriniň we Lufthansa Consulting kompaniýasynyň bilermenleriniň EASA-nyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işi netijesinde alyndy. Bu işe uçuşlaryň hilini we howpsuzlygyny dolandyrmak, awiasiýa tehnikasyny ulanmak we oňa tehniki hyzmat boýunça hünärmenler topary çekildi.
Bilermenler bilen bilelikde Ýewropa agentliginiň masahatlary durmuşa geçirildi. Awiakompaniýanyň işiniň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy. AMOS - Aircraft Maintenance and Engineering System integrirlenen programma üpjünçiligi satyn alyndy. Awiakompaniýanyň gulluklarynyň arasynda elektron resminama dolanşygy amala aşyrylýar, işgärler okuw türgenleşigini geçdiler.
Häzirki wagtda awiakompaniýanyň işgärleri Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna uçar gatnawlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini öwrenýärler, gatnawlary ýygylatmaga we geljegi uly –Aziýa --Ýuwaş umnany sebitlerine hem-de Arabystan ýarym adasyna uçuşlaryň çägini giňeltmäge taýýarlanýarlar.
Milli awiakompaniýamyz bu sebitlere gatnawy artdyrmak üçin täze awiasiýa tehnikasy – uzak aralyga gatnaýan iň döwrebap Boeing 777-200 LR uçaryny ulanmagy göz öňünde tutýar. 2021-nji ýylda bu uçarlaryň sany artar. Şu amatly uçarda Hoşimine (Wýetnam) we Kuala-Lumpura (Malaýziýa) yzygiderli uçuşlar amala aşyrylar.
Ýewropadan, Türkiýeden, GDA ýurtlaryndan, Tailanddan we Wýetnamdan Aşgabadyň halkra aeroportunyň üstünden Arabystan ýarym adasyna gidýän syýahatçylar üçin ugurlar işlenilip taýýarlanylýar. Bu ugurlar Germaniýadan, Angliýadan, Russiýadan we Türkiýeden gelýän uçuş ugurlary bilen utgaşdyrylar, bu bolsa üstaşyr uçar syýhatçylary üçin goşmaça amatlyklar döreder.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......