«Türkmenpoçta» internet arkaly abuna ýazylmak hyzmatyny işe girizýär

  • 01.11.2019 06:35
  • 5.2k+

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy 2020-nji ýyl üçin abuna ýazylyşyk kampaniýasynyň çäklerinde müşderilere «Gazetlere we žurnallara müşderi abunasy» atly täze elektron programmasynyň kömegi bilen hyzmat etmekligi ýola goýdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Eýýäm ýakyn wagtda «Türkmenpoçtanyň» saýtynda (
turkmenpost.gov.tm) onlaýn-abuna hyzmaty işläp başlar. Onuň kömegi bilen okyjylar öýlerinden çykman gazetlere we žurnallara abuna ýazylyp bilerler.
Poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýylyň-ýylyna internet hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeldýär. Saýtyň içinde şeýle hem trek belginiň kömegi bilen poçta ibermelerini yzarlap bolýar, şeýle hem korrespondensiýalary we posylkalary ibermek üçin onlaýn ýagdaýda poçta işgärini çagyryp bolýar.
Ýatlatsak, kompaniýanyň hyzmatlarynyň içine demir ýol petekleriniň satuwy, jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegler, Bütindünýä poçta bileleşigine girýän döwletleriň islendigine tizleşdirilen poçta ibermeleri girýär. Mundan başga-da, «Türkmenpoçtanyň» saýtynda nagt däl görnüşde töleg etmek we harytlary öýe eltip bermek hyzmaty bar.

düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......