Hytaýda smartfona gümra bolýanlar üçin ýoda döredildi

  • 01.11.2019 05:48
  • 4.1k+

Pyýada ýöreýiş wagtynda telefondan peýdalanýanlar üçin niýetlenilen ýoda Sian şäherinde (merkezi Hytaý) guruldy – Chip habar berýär. Welosiped ýodalaryndan tapawutlylykda, onuň döredilmeginiň maksady peýdaly endigiň ýaýraýşyny görkezmek däl-de, tersine, problema üns bermekde jemlenýär. Ýagny, statistika boýunça, smartfonlaryň ulanylmagy geçip barýan adamlaryň howpsuzlygyna howp salýar.
Sianda söwda merkezleriniň biriniň ýolbaşçylary ykjam telefonlary ulanýanlar üçin ýörite ýoda döretmegi karar edinýär. Ýörite görnüşde belgilenen ýol gysgarak, ol bary-ýogy 100 metre ýetýär. Eksperimentiň maksady, ilkinji nobatda, jemgyýete, adamlaryň smartfona näçe wagt sarp edýändigine üns bermekden ybarat. Ýanýodada birnäçe şygyrlar hem ýazylan, meselem, “Haýyş, hiç haçan aşak seretmäň!”. Nähili geňdigine garamazdan, bu ýoda ajaýyp ýerleriň birine öwrülip, syýahatçylary özüne çekip başlady.
Sian şäheriniň özi Şensi welaýatynyň merkezi hasaplanylýar. Şäher 3000 ýyl mundan öň esaslandyrylyp, Beýik Ýüpek ýolunda – b.e.öňki 3-nji asyrdan b.e. 17-nji asyryna çenli Hytaý bilen Ýewropany birikdirýän söwda ýolunda ýerleşmek bilen, möhüm taryhy hytaý şäherleriniň birine öwrülipdi.
Belläp geçsek, smartfonly mesele halkara derejesinde kabul edilen. Gonolulada ýoldan geçilen wagty smartfon ulanylsa, onda pyýada jerime alyp bilýär, Niderlandiýada bolsa ýanýodanyň töwereginde, pyýada geçelgeleriň ýanynda “smartfonozombi” üçin kelläňi galdyrmagyň wagtydygyny duýduryjy bolup hyzmat edýän swetodiod fonarlary gurnalan.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......