Kopengagende daniýaly kompaniýalar üçin Türkmenistanda iş alyp barmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşyldy

  • 01.11.2019 05:29
  • 1.9k+

30-njy oktýabrda Kopengagende Daniýanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Daniýa Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-daniýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, Daniýanyň wekiliýetine Daniýa Patyşalygynyň daşary syýasat boýunça ministriniň orunbasary hanym Lizbet Zilmer Jons ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özarabähbitli türkmen-daniýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar sebit we halkara gün tertibine, iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Taraplar şonuň ýaly-da syýasy-diplomatik, maliýe-bank we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda Türkmenistanyň we Daniýa Patyşalygynyň arasyndaky özarahereketleri çuňlaşdyrmagyň aýratyn zerurlygyny nygtadylar.
Şol gün Kopengagende Daniýanyň Senagat Konfederasiýasynyň (CDI) binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu guramanyň we onuň düzümine girýän "Eksport Kredit Fonden" (EKF) bilermenlik-karz agentligi, «Ösüp gelýän ýurtlar üçin maýa goýum gaznasy» (IFU), "AVK International A/S", "FLSmidth A/S ", "FURUNO DANMARK A/S" ýaly we beýleki birnäçe kompaniýalaryň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem daniýaly kompaniýalar üçin Türkmenistanda iş alyp barmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistandaky ykdysady ýagdaýlar we maýa goýum şertleri, daniýanyň eksportyny biziň ýurdumyzda maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleri we daniýanyň maýasynyň gatnaşmagyndaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy. Taraplar şeýle hem Daniýanyň Senagat Konfederasiýasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......