Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

  • 31.10.2019 06:35
  • 4.8k+

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Telefon söhbetdeşliginiň barşynda döwlet Baştutanlary sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgide çykmaga mümkinçilik beren ylalaşyklary we geljegi uly meýilnamalary amala aşyrmak babatda döwletara hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler. Taraplar uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanmanyň uludygyny tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerde, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.
Şunda serhetýaka hyzmatdaşlygyň, sebitiň umumy meselelerini çözmekde özara gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Şol meseleleriň hatarynda Araly halas etmek we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak möhüm orun eýeleýär.
Iki dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylym-bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......