Türkmenistanyň Prezidenti Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedleri sowgat berdi

  • 31.10.2019 06:19
  • 3.5k+

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary Türkmen Lideriniň adyndan Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen Döwletliler köşgündäki çagalara welosipedleri sowgat etdiler.
Täze nusgadaky welosipedler ozal Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Olary çagalara gowşurmak karary — hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil, Watanymyzyň geljegi hakynda atalyk aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Ýeri gelende aýtsak, welosipedleriň ýene-de ikisini milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýi bölümine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze gurulýan binasynda ýerleşdiriljek muzeýe gowşurdy.
Şanly waka mynasybetli guralan baýramçylyk köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen dowam etdi. Şol ýörişde ýaş welosipedçilere köp sanly türgenler we talyplar, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary goşuldylar.
Döwletliler köşgünden badalga alan bu özboluşly welosipedli ýörişiň ugry paýtagtymyzyň iri şaýollaryndan — Arçabil şaýoly hem-de Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça Garaşsyzlyk meýdanynda ýerleşen Döwlet münberine çenli geçdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......