Aşgabatda Türkmenistanda ilkinji bukkrossing nokady işläp başlady

  • 31.10.2019 06:05
  • 4.6k+

Türkmenistanda ilkinji bukkrossing «Kitap nokady» Aşgabatda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde «Rahat Coffee» kofesinde işläp başlady. Turkmenportal agentliginiň bahar berşi ýaly, paýtagtyň ýaşaýjylary bu ýerde okan kitaplaryny alyş-çalyş edip bilerler.
Uly bolmadyk kitap tekjesi «Readit» internet-neşiriniň işgärleri tarapyndan söwda merkeziniň ikinji gatynda ýerleşdirildi. Indi isleg bildirýän her bir adam eýýäm okan çeper, çagalar, hünäre degişli edebiýat boýunça kitaplaryny getirip tabşyryp, oňa derek okamaga başga bir kitap alyp bilerler. Eger-de bu taslama aşgabatlylaryň arasynda meşhurlyk gazansa, bu hili nokatlary paýtagtyň beýleki künjeklerinde hem döretmek meýilleşdirilýär.
Bukkrossingiň düýp maksady — kitaby okap bolan adam ony bellenilen ýere getirýär/ şol ýerde ony goýýar ýa-da başga bir kitaba çalyşýar. Onuň öňki kitabyny bolsa, başga biri alýar. Bu bolsa neşir önümlerini öndürmek üçin ulanylýan serişdeleri saklap galmaga, şeýle hem gerek bolmadyk kitaplary zyňman, oňa derek başga birlerine gowşuryp olardan dynmaga ýardam edýär.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......