Moskwada “Dutaryň sesi” festiwalynyň çäklerinde ylmy forum geçirildi

  • 31.10.2019 05:59
  • 1.6k+

Milli özboluşlyklaryň Moskwa öýünde “Saz sungatyň we ylmyň sintezinde: taryh we döwrebaplylyk” atly halkara ylmy-praktiki konferensiýa geçirildi. Ylmy forum Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň sesi” V Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada ORIENT habar berýär.
Sungatyň beýleki görnüşleriniň arasynda saz aýratyn orny eýeleýär. Eger-de suratyň dili düşnüksiz bolýan bolsa, poeziýanyň dili söz arkaly çäklendirilýän bolsa, onda saz dile zerurlyk çekmeýär – ol göni adamyň ýüregine girýär we onda söz bilen beýan edip bolmajak iň gymmatly zatlary açýar.
Adamzat taryhynyň dürli döwürlerinde saz ol ýa-da beýleki bir ýurduň halkynyň düşünje ýagdaýyny şöhlelendirýän, döwrüň özboluşly kamertony hasaplanypdyr. Kompýuter tehnologiýalarynyň döwrebap dünýäsinde saz aýratyn üns berilýän predmeta öwrüldi. Saz döredijiliginiň derňewi tebigy ylymlaryň, fizikanyň, neýrolingwistikanyň, pedagogikanyň, psihologiýanyň we beýleki ylymlaryň dürli ugurlarynda geçirilýär.
Şeýle-de, Moskwada geçirilen konferensiýanyň tematikasy hem özboluşly boldy: ol adamyň hem sungatdaky, hem ylymdaky işjeňliginiň dürli sferalaryna aralaşdy, sazyň jemgyýete täsiri, klassyky sazlar bilen döwrebap sazlaryň arabaglanyşygy we ş.m.
Konferensiýa işine görnükli alymlar, taryhçylar, saz sungatyny öwrenijiler, ýazyjylar, kinematogrofistler, sungaty öwrenijiler we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň sesi” Moskwanyň Halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor, pianinoçy Mämmet Güseýinow, Ýelena Osipowa – sungaty öwreniş ylmynyň kandidaty, Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň teoriýasy kafedrasynyň dosenti, Lora Stepanskaýa – režissýor, ssenariýaçy, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Gülnabat Tekäýewa – türkmen medeniýetiniň Moskwa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bar.
Konferensiýanyň spikerleriniň arasynda – Nadežda Dubowa, belli rus antropology,arheolog, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, taryhy ylymlaryň doktory, RYA-nyň etnologiýa we antropologiýa Institutynyň etniki ekologiýa bölüminiň ýolbaşçysy, Rus-Türkmen Margiana arheologik ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy.
Häzir ýakyn wagtda Türkmenistandan Moskwa dolanan Nadežda Dubowanyň gös-göni ýolbaşçylygy esasynda belli arheolog Wiktor Sarianidiniň doglan gününiň 90 ýyllygyna gabat getirilen we biziň ýurdumyzyň territoriýasynda başlanan bürünç eýýamynyň hökümdarlygyna bagyşlanylan “Ajaýyp Margiana” atly sergä taýýarlyk görülýär. Onda şol eýýamyň ýaşaýjylarynyň antropologiki rekonstruksiýalary, Türkmenistanda we Owganystanda gazuw-agtaryş işleri barada fotomateriallar, şeýle-de restawratorlaryň Margiananyň paýtagt şäheri – Goňurdepede tapylan we Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanylýan mozaikalaryň üstünde alyp baran işleri barada materiallar hödürleniler. Sergi Moskwanyň Gündogar Muzeýinde geçer.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......