Dubaýdaky «Expo-2020» bütindünýä sergisi ekologiýa taýdan arassa bolar

  • 31.10.2019 05:51
  • 3.5k+

Açylyş dabarasyna bir ýyl galan global şou – EXPO 2020 bütindünýä sergisine 192 ýurt gatnaşar. Gelýän 25 million adamyň 70%-i BAE-niň çäginden geler diýlip çaklanylýar, bu bolsa Bütindünýä sergisiniň 168 ýyllyk taryhynda daşary ýurtdan gelýänleriň iň uly bölegi bolar. Bu barada ORIENT habar berýär.
EXPO – 2020 günde ortaça ýüzlerçe müň adam kabul eder we onuň gurluşynda emeli intellekt, köpçülikleýin akymlary dolandyrmak üçin öňdebaryjy ulgamlar we dynuwsyz hereketi üpjün etmek üçin başga-da köp zatlar ulanylar. Dubaýda geçiriljek Bütindünýä serginiň guramaçylary EXPO-2020-niň dowam edýän wagtynda sarp ediljek energiýanyň dolulygyna dikeldiji çeşmelerden öndüriljekdigi barada habar berýärler.
Proýekt dünýä derejesinde geçiriljek çäräni zerur bolan infrastrukturalar bilen üpjün etmek üçin Dubaýyň elektroenergetiki we suw üpjünçiligi Edarasy (DEWA) tarapyndan amala aşyrylýar. DEWA eýýäm EXPO 2020 üçin gerek bolan megataslamalaryň birnäçesini iş ýüzüne geçirdi. Olaryň hataryna serginiň energiýa dikeldiji meýdançasyny üpjün etmek we üç sany uly podstansiýanyň gurluşygy girýär. Olar dubaý EXPO–synyň ikinji derejeli temalarynyň hormatyna atlandyrylan – “Mümkinçilik”, “Ykjamlylyk” we “Durnuklylyk”.
Energiýa intellektual energoulgamlar arkaly dörediler we ýaýradylar, energiýanyň iň uly bölegi Mohammed bin Raşid Al Maktumyň güneşli seýilgähinden kabul ediler.
Ägirt uly möçberli çärä gatnaşyjylara ekologiki taýdan arassa, Green Charger zarýad stansiýaly transport serişdeleri hödürleniler, olar territoriýanyň ähli ýeri boýunça gurnalan.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......