Türkmenistan we Koreýa Respublikasy dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär

  • 30.10.2019 21:36
  • 2.7k+

28-29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Koreýa Respublikasyna sapary boldy. Saparynyň barşynda Mejlisiň başlygy Koreýa Respublikasynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşdy.
28-nji oktýabrda KR-nyň Milli Assambleýasynyň Dostluk toparynyň Başlygy Park Deçul bilen iş günortanlyk nahary geçirildi. Günortanlyk naharynyň barşynda taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň syýasaty hakynda gürrüň etdiler, çünki häzirki wagtda Türkmenistan bu ugra aýratyn ähmiýet berýändir. KR-nyň tejribesini çekmek bilen sanly ulgam, şol sanda bu ulgamdaky kanunçylyk binýadynyň ösdürilmegi babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Mejlisiň başlygy Seul Döwlet uniwersitetiniň Prezidenti jenap Oh Sejung bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyna kanagatlanma bildirdiler, hususan-da 2019-njy ýylyň aprel aýynda Seul Milli uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilendigi bellenilip geçildi.
Şeýle hem şol gün Patyşa Sejon adyndaky Institutda hem duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Institutyň wekilleri koreý dilini öwretmek bilen birlikde tutuş dünýäde koreý medeniýetiniň ýaýradylmagy babatynda öz ygrarlylyklaryny belläp geçdiler. Taraplar Türkmenistanda Patyşa Sejon adyndaky Merkeziň açylmagynyň derwaýyslygy barada gürrüň etdiler.
Agşam Milli maglumat jemgyýeti agentliginiň ýolbaşçysy jenap Mun Ýok-şik bilen iş agşamlyk nahary geçirildi. Duşuşygyň barşynda sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garalyp geçildi.
29-njy oktýabrda Milli Assambleýanyň binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Spikeri jenap Mun Hi San bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we iki ýurduň parlamentariýleriniň arasyndaky özara hereketleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Soňra Mejlisiň başlygy KR-nyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bilim ministri hanym Ýu Yn-he bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we aýratyn hem Patyşa Sejon adyndaky okuw Merkeziň açylmagyna ýokary baha berdiler. Türkmenistanda koreý diliniň öwrenilmegine ýokary gyzyklanma bildirilýändigi bellenilip geçildi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......