Tokio 2020 Olimpiýa alawyny getirmegiň meýilnamasyny yglan etdi

  • 27.10.2019 22:20
  • 2.5k+

Tokio 2020 Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti 20-nji martda ýapon paýtagtyna Olimpiýa oduny getirmek däbini mälim etdi. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
Maglumatlara görä, Olimpiýa alawy 2020-nji ýylyň 12-nji martynda Gresiýanyň taryhy «Gadymy Olimpiýada» ýakylar. Estafetanyň başlangyç tapgyry tamamlanandan soň, 19-njy martda Afinanyň Panafineýk stadionynda fakeli gowşuryş däbi geçiriler.
Günüň dogýan ýurduna olimpiýa oduny 20-nji martda Miýagi prefekturasyna gonýan “TOKYO 2020 Go” atly ýörite uçar getirer. Tokio-2020-niň beýleki wekilleri bilen bir hatarda Olimpiýa nyşanyny üç gezek olimpiýa çempionlary Tadahiro Nomura (dzýudo) we Saori Ýoşida (erkin göreş) ugradar.
“Haçan-da men ýapon wekiliýetiniň kapitany hökmünde Olimpiýa baýdagyny Rio-de-Žaneýrodan getirenimde, Tokio-nyň gezeginiň gelýändigini bilmek bilen, mende buýsanç duýgusy döredipdi. Soňra men göreşden gitdim. Häzir bolsa olimpiýa oduny Gresiýadan alyp gaýtmak işini ýerine ýetirmek meniň üçin uly hormat” – Saori Ýoşida gürrüň berýär.
“TOKYO 2020 Go” uçary gelip gonandan soň, Miýagi, Iwate we Fukusima prefekturalarynda baýramçylyk çäreleri guralar. 26-njy martda Olimpiýa ody Ýaponiýanyň 47 prefekturasy boýunça ýurduň gözel ýerlerine özüniň 121 günlük syýahatyny başlar.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......