14-15-nji noýabrda Aşgabatda bilim we sport boýunça halkara sergi-maslahaty geçiriler

  • 27.10.2019 10:41
  • 2.3k+

14-15-nji noýabrda Aşgabatda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Foruma taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, 30 ýurtdan kompaniýalaryň 120-si kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon hem-de barlaghana enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny öndürijiler, okuw programma üpjünçiligini, sport lybaslaryny we esbaplaryny işläp taýýarlaýjylar foruma gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Türkmenistana ýokary okuw mekdepleri, bilim we sport guramalary, bu ugra degişli hususy kärhanalar wekilçilik eder.
Ylmy maslahata daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professorlary gatnaşarlar. Şeýle hem duşuşyklary we tanyşdyryş çärelerini guramak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Maslahatyň bölümleri sanly ykdysadyýeti ösdürmekde bilimiň eýeleýän ornuna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň innowasion binýadynyň kemala getirilişine, bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryna, bedenterbiýe-sport meselesine bagyşlanar. Bölümçeleriň mejlisleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersetitinde, Telekommunikasiýalar we informatika institutynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçiriler.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......