5-7-nji noýabrda Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

  • 27.10.2019 10:22
  • 1.4k+

5–7-nji noýabr aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärä gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik wekiliýeti geler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hökümet mejlisinde habar berdi.
Göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Terýan medeni merkeziň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçiriler, ermeni kinofilmleri görkeziler. Medeniýet günleriniň açylyş we ýapylyş dabaralary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüp, halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi. Soňky ýyllarda özara Medeniýet günlerini geçirmek, ýurtlaryň ikisinde geçirilýän festiwallara, halkara maslahatlara we bäsleşiklere gatnaşmak tejribesi ýola goýuldy.
Döwlet Baştutany öňümizdäki çäräniň ähmiýetini belläp, nobatdaky döredijilik çäresiniň döwletara hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günlerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......