Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi

  • 27.10.2019 10:08
  • 1.7k+

Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi. 27-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçiriler, onuň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge we iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän özara hereketiň mümkinçiliklerini oňaýly durmuşa geçirmäge ýardam etmäge niýetlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar, bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan daşary syýasat ugrunda öz beýanyny tapdy.
Häzirki döwürde türkmen-malaýziýa gatnaşyklary barada aýdylanda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda kemala gelen netijeli gatnaşyklaryň özeninde iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy durýar.
Aşgabatda geçiriljek şu gezekki gepleşikleriň çäklerinde türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlener we uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda guralýan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berler.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......