Türkmenistanda «Rus kinosynyň günleri» geçiriler

  • 27.10.2019 09:40
  • 2.7k+

3-6-njy noýabrda Türkmenistanda «Rus kinosynyň günleri» geçiriler. Bu çäräniň çäklerinde Russiýanyň meşhur kinematografiýaçylary bilen döredijilik duşuşyklary geçiriler, şeýle hem Aşgabat, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde filmleriň görkezilişi bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, wekiliýetiň düzümi — «Iki zenan» («Две женщины») filminiň prodýuseri, «Horoşo prodakşn» kompaniýasynyň baş prodýuseri Natalýa Iwanowa; «Bu hemişelik däl» («Это не навсегда») filminiň aktrisasy, Russiýanyň at gazanan artisti, Arkadiý Raýkin adyndaky «Satirikon» Russiýa döwlet teatrynyň aktrisasy Agrippina Steklowa; «Gymmat kaka» («Дорогой папа») filminiň prodýuseri, Russiýanyň at gazanan artisti, tetr we kino aktýory, Mariýa Nikolaýewna Ýermolowa adyndaky Moskwa drama teatrynyň aktýory Georgiý Malkow; «Ümsümligiň ýaňy» («Крик тишины») filminiň režisýory Wladimir Potapow; Russiýanyň at gazanan artisti, Arkadiý Raýkin adyndaky «Satirikon» Russiýa döwlet teatrynyň artisti Wladimir Bolşow; Russiýanyň at gazanan artisti, Mariýa Nikolaýewna Ýermolowa adyndaky Moskwa drama teatrynyň artisti Tatýana Şumowa; wekiliýetiň başlygy, «FESTSINEMA» OOO-nyň baş direktory Sergeý Los; wekiliýetiň utgaşdyryjysy, «FESTSINEMA» OOO-nyň baş direktorynyň kömekçisi we rus kinosynyň legendasy RSFSR-iň halk artisti Swetlana Wladimirowna Nemolýaýewa.
Habar berlişi ýaly, rus kinematografiýaçylary türkmen tomaşaçysyna ýokary durmuş-medeni statusyna eýe bolan, şeýle hem ynsanperwer we ahlak başlangyçlaryny beýan edýän täze rus filmlerini görkezerler.
Türkmenistanda «Rus kinosynyň günlerini» guramaçylar bolup Russiýanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy «FESTSINEMA» kompaniýasynyň gatnaşmagynda çykyş edýär.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......