Russiýanyň awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenabada howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

  • 26.10.2019 22:34
  • 5.6k+

Russiýa Federasiýasynyň «Nordwind Airlines» awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenabada göni ýolagçy gatnawyny meýilleşdirýär – diýip, Turkmenportal «Türkmen gündogary» gazetine salgylanyp habar berýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda taraplar özara gepleşikleri geçirýärler. Häzir «Nordwind Airlines» awiakompaniýasy Boeing 737-800 uçarlary arkaly Moskwa (Russiýa) – Bohtar (Täjigistan) – Moskwa ugry boýunça uçuşda Türkmenabat şäherinde üstaşyr gonuş nokadynda ýangyç doldurýar.
2008-nji ýylda esaslandyrylan awiakompaniýa öz işine bary-ýogy üç uçar arkaly alty ugra hyzmat etmek bilen başlapdy. Geçen 11 ýyldan soňra bu awiakompaniýanyň uçarlary dünýäniň 26 döwletinde 97 howa menziline uçýar. «Nordwind Airlines» awiakompaniýasynyň döwrebap awiaparkynda Boeing 737, Boeing 777, Airbus A330 we Airbus A321 kysymly howa gämileriniň 30-dan gowragy bar.
Russiýada we beýleki käbir dünýä döwletlerinde birbada birnäçe awiakompaniýa hereket edip, olar tas hususy diýen ýalydyr. Şonuň üçin olara tehniki hyzmat we ýangyç üçin iň ýokary hilli we elýeterli nokat esasy zerurlyk bolup durýar. Türkmenabadyň Halkara howa menzili bolsa şeýle nokatlaryň biridir. Ine, şonuň üçin hem bu menzil «Nordwind Airlinesiň» uçarlarynyň hemişelik düşelgeleriniň birine öwrülipdir.
Menzilde daşary ýurtly uçarmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Onuň kaşaň myhmanhanasynda bolsa gaýry ýurtly gonaklar ýygy-ýygydan düşleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu howa menzilinde ýolagçy we ýük gatnatmak boýunça ýyldan-ýyla, aýdanaýa ösüş gazanylýar. Halkara howa menzilinden berlen maglumatda görkezilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda ugradylan ýolagçylaryň sany 212 müň, kabul edilenleri 210 müň adamdan geçipdir. Şeýle hem ugradylan ýükler 463 müň, kabul edilenleri 527 müň tonnadan geçýär. Ýylyň dokuz aýynda menzilden 5 tonna golaý poçta ugradylyp, 8 tonna golaýy kabul edildi. Bu sanlar geljekde has hem artyp biler. Çünki Türkmenabadyň Halkara howa menzili halkara uçuşlaryň meşhur nokadyna öwrülýär.

10.05.2026 22:08
8.1k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......