Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşi bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 26.10.2019 06:08
  • 2.4k+

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Bakuwyň Kongresler merkezinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara durmuşynyň özara gyzyklanma döredýän möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlarydyrlar, olar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew häzirki Sammitde türkmen Lideriniň ählumumy ykdysadyýetiň Goşulyzmazlyk hereketiniň işiniň möhüm ugry bolup durýandygy baradaky wajyp pikirini goldaýandygyny belledi. Biziň döwletlerimiz ösüp gelýän ýurtlaryň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goragynda jebisleşikli orunlarda çykyş etmelidirler. Halkara ykdysada gatnaşyklarynda adalatlylygy we deňhukuklylygy işjeň goramalydyrlar. Dünýä söwdasynda hukularyň kemsidilmegine, esaslandyrylmadyk emeli bökdençliklere garşy hem-de halklaryň we döwletleriň ykdysady özygtyýarlylygyň ykrar edilmegi ugrunda çykyş etmelidirler.
Söhbetdeşler şeýle hem döwletleriň ikisiniň hem dünýäde energiýa serişdelerini iri öndürijiler we iberijiler bolup durýandyklaryny, çäk ýakynlygyny hasaba almak bilen, ýangyç-energetika tolumynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligine eýediklerini bellediler.
Ulag ulgamy bilelikdäki hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup çykyş edýär, bu ýerde üstaşyr-ulag ulgamyny döretmekde tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bardyr.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hoşlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuw-isleglerini beýan etdiler.

düýn 23:57
437

Serdar Berdimuhamedow Rimde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde “Leonardo S.p.A” kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Işewür Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi...

düýn 11:07
5.2k+

Serdar Berdimuhamedow Rimde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyşyna gatnaşdy

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir...

düýn 10:55
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik forumynda çykyş etdi

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär. «Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklaryň...

düýn 09:03
2.8k+

Türkmenistan hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ABŞ-da hemişelik bitaraplyk tejribesini görkezdi

24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Waýoming Döwlet uniwersitetiniň kampusynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň ýolbaşçylygynda we goldaw bermeginde gurnaldy...