Parižde Leonardo da Winçä bagyşlanan sergi geçirilýär

  • 24.10.2019 23:01
  • 1.9k+

24-nji oktýabrda Luwr muzeýinde Leonardo da Winçiniň deňi-taýy bolmadyk sergisi açyldy. 2019-njy ýylda tutuş Ýer ýüzi Leonardo da Winçiniň 500 ýyllygyny belläp geçýär. Luwr üçin bu sene aýratyn manyny aňladýar: da Winçiniň kartinalarynyň dünýädäki iň uly kolleksiýasy (5), şeýle-de 22 sany suraty hut şu ýerde ýerleşýär. Sergä Luwr 10 ýyllap taýýarlyk gördi.
Suratkeş, heýkeltaraş, alym, oýlap tapyjy, sazanda – Leonardo da Winçi örän öndürijiliklidi, onuň kömegi bilen medeniýet taryhyna “adam galkynyş” diýen düşünje girdi. Suratkeş 67 ýyl ýaşamak bilen, özüniň örän uly mirasyny goýup gitdi: diňe bir žiwopisleri, suratlary we grafikalary däl, eýsem, 7 müň sahypa gündelikleri, žiwopis hakyndaky traktatlary, çyzgylary, aýdym we harby-inžener işi baradaky bellikleri galdyrdy.
Suratkeşiň mirasy resmi taýdan 14 sany atributirow kartinalaryndan, 4 sany gutarylmadyk işlerinden, 5 sany atribusion jedelli kartinalardan, şeýle-de grafiklerden, freskalardan we suratlardan ybarat diýlip hasaplanylýar.
Luwr muzeýiniň ýolbaşçysy heniz Leonarda da Winçiniň sergide görkeziljek žiwopisleriniň sanyny belli edenok. Ýöne fransuz muzeýiniň hemişelik gaznasynda bolan 5 sany belli kartinalaryň boljakdygy bolsa anyk. Ol kartinalar: "Мадонна в скалах", "Прекрасная Ферроньера", "Мона Лиза", "Иоанн Креститель" we "Святая Анна с мадонной и младенцем Христом". Sergide suratkeşiň Patyşa kolleksiýasyndan, Britan muzeýinden we Londonyň Milli galereýasyndan, Watikan pinakotekasyndan, Nýu-Ýorkyň Metropoliten muzeýinden getirilen işleri hem bolar.
Bu Leonardo da Winçiniň deňi-taýy bolmadyk retrospektiwasy. Bu serginiň geçirilmeginiň maksady suratkeşiň žiwopise nähili ähmiýet berendigini, “žiwopis baradaky ylym” diýen düşünjede nämäni göz öňünde tutandygyny we dünýäni nähili öwrenendigini görkezmekden ybarat.
Sergi 2019-njy ýylyň 24-nji oktýabryndan 2020-nji ýylyň 24-nji fewralyna çenli hereket eder.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
742

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......