Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň netijesinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar

  • 24.10.2019 17:41
  • 4.8k+

Tokioda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, taraplaryň köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan tagallalaryny berkiden ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.
Olaryň hatarynda:
“Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndaky Baş ylalaşyk”, “Awtoulag serişdelerini satyn almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndaky Baş ylalaşyk”, “Gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän häzirki zawodynyň netijeleriniň esasynda ikinji toplumynyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) we «Sojitz Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasyndaky Özara düşünişmek hakynda Ähtnama”; «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni bilen «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tıcaret Anonim Șirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky Çarçuwaly Ylalaşyga 2 belgili Goşmaça, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni we «Sojitz Corporation», «TTCL Public Company Limited», «Rönesans Endüstri Tesisleri İnşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» kompaniýalaryň konsorsiumy arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak boýunça Şertnamanyň esasy hakyndaky Ylalaşyk”.
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň dürli pudaklardaky mümkinçilikleri Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine girizildi.
Onuň çäklerinde gol çekilen «Infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasyndaky Ähtnama (ýol kartasy bilen) hem-de “Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda täzelenen we resmileşdirilen 4-nji Ylalaşyk” ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň normatiw-hukuk esasynyň üstüni ýetirdiler.
Şeýlelikde, Tokioda geçirilen duşuşyklar we bilelikdäki işewürler forumy iri ýapon işewürliginiň Türkmenistan bilen öndürijilikli gatnaşyklary ösdürmäge bolan ymtylyşyny tassyklady. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň, özarabähbitli maliýe, umuman işewürlik hyzmatdaşlyk ulgamyndaky özüneçekijilik häsiýetiniň artýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......