Dünýäniň iň meşhur muzeýleri

  • 24.10.2019 08:34
  • 4.2k+

Häzirki wagtda dünýäde 100 müňden gowrak muzeý bar diýlip hasaplanylýar, olaryň hersi özboluşly ajaýyp. Olaryň arasynda adamzat taryhy we medeniýeti bilen gyzyklanýan her bir adamyň baryp görmek isleýän muzeýleri hem bar. Olar dünýäniň iň belli muzeýleridir. Bular dogrusynda excurser.ru syýahatçylyk saýty habar berýär.
Meşhurlygy we ajaýyplygy boýunça birinji orny hünärmenler Luwr muzeýine berýärler. Bu muzeý Fransiýanyň Pariž şäherinde 1793-nji ýylyň 8-nji noýabrynda açylýar. Ekspozisiýanyň ýerleşýän ýeri öň fransuz patyşasynyň rezidensiýasy bolan. Muzeýiň katalogy 400 müň eksponatdan ybarat. Muzeýde sungat döredijiliginiň uly kolleksiýasy, şeýle-de dürli taryhy we ylmy eksponatlar hödürlenilen.
Britan muzeýi Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda ýerleşýär. Bu muzeý 1753-nji ýylda muzeýe gelýänler üçin ilkinji gezek gapysyny açýar. Muzeýiň meýdany 9 futbol meýdançasyna barabar, bu ýerde görkezilýän eksponatlaryň kolleksiýasy Ýer ýüzünde iň ähmiýetli kolleksiýalaryň biri hasaplanylýar.
Metropoliten muzeýi ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär. Ol 1872-nji ýylda öňdebaryjy amerikanlar topary tarapyndan açylýar. Onuň ýerleşýän salgysy iki gezek üýtgeýär. !880-nji ýyldan bäri ol Merkezi seýilgähde, Bäşinji awenýuda ýerleşýär. Metropoliten muzeýiniň kolleksiýasy 3 mln töweregi eksponatdan ybarat. Olar dünýäniň dürli künjünden ýygnalan sungat eserleridir. Bu ýerde orta asyr Ýewropasynyň sungat we binagärçilik ekspozisiýalary, XII – XIX asyrlaryň suratlary, şeýle-de dürli ýurtlaryň saz gurallary bar.
Uffisi galereýasy Italiýanyň Florensiýa şäherinde ýerleşýär. Bu dünýädäki iň meşhur sungat muzeýleriniň biri. Ol Uffisi meýdanynda ýerleşýändigi sebäpli, şeýle ada eýe bolýar.  Muzeýde italýan ussatlarynyň döreden suratlary we heýkelleri ýerleşdirilen.
Döwlet Ermitažy Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşmek bilen, dünýä meşhurlygyna eýedir. Muzeýiň kolleksiýasy rus imperatorlary tarapyndan ýygnalyp başlanýar, muzeýe girmeklik 1863-nji ýylda erkin ýagdaýda bolýar. Ermitažyň ekspozisiýalarynda 3 mln-dan gowrak eksponatlar bar. Olaryň arasynda diňe bir sungat eserleri däl-de, eýsem, arheologiki tapyndylar, numizmatik materiallar, gymmatlyklar hem bar. Häzirki wagtda muzeý bäş sany binany eýeleýär: Gyşky köşk, Kiçi Ermitaž, Gadymy Ermitaž, Köşk teatry we Täze Ermitaž.
Prado muzeýi – Ispaniýanyň milli muzeýi, ol ýurduň paýtagty bolan Madrid şäherinde ýerleşýär. Ol 1819-njy ýylda esaslandyrylýar. Muňa garamazdan, onuň gurluşygy 1830-njy ýyla çenli dowam edýär. Bu muzeýde ýewropa mekdepleriniň döredijlik sungatynyň eserleriniň uly kolleksiýasy toplanan. 
Müsür muzeýi Kairde beýik siwilizasiýanyň mirasy hasaplanylýar. Bu ýerde eksponatlaryň ilkinji sergisi 1835-nji ýylda gurnalýar. Häzirki  wagtda bu gadymy müsür sungatynyň iň bir ähmiýetli muzeýi. Bu ýerde 120 müňden gowrak ajaýyp eksponatlar ýerleşýär, olar öz ýaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýarlar.
Londonda Hanym Týusso muzeýi – ajaýyplygy bilen meşhur bolan ekspozisiýa. Bu ýerde mumdan edilen şekilleriň 400-den gowragy toplanan – olaryň arasynda diňe bir taryhy şahslar däl-de, häzirki zaman meşhur ýyldyzlary hem bar.  

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......