Türkmenistanyň Prezidenti Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabara gatnaşdy

  • 23.10.2019 06:37
  • 6.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa saparynyň dowamynda Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy. Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, imperatorlyk häkimiýeti gadymy döwürlerden bäri Ýaponiýanyň dolandyryş düzüminde möhüm orun eýeleýär, munuň özi ýapon halkynyň milli taryhynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde imperatorlar neberesine oňyn garaýşy bilen şertlendirilendir. Ýaponiýanyň Konstitusiýasy Imperatory «döwletiň nyşany we halkyň bitewüligi» diýip yglan edýär. Imperator derejesi şa neberesiniň erkeklerine degişlidir.
Saparlaryň maksatnamasyna belent mertebeli myhmanlaryň Imperator bilen duşuşyklarynyň goşulmagyna myhmana we onuň ýurduna aýratyn hormatyň nyşany hökmünde baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hem 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň çäklerinde bu ýurduň Imperatory bilen duşuşandygyny ýatlamak ýerliklidir.
Naruhitonyň tagta geçmegi bilen Ýaponiýada Reýwa täze imperiýa eýýamy — «sazlaşyk» ýa-da «gülläp ösýän dünýä» diýen eýýam başlanýar. Onuň ady geljekki on ýyllyklara öwüşgin çaýýar. Döwrüň adyny ilkinji gezek «Manýosýu» ýapon şygrynyň antologiýasyndan saýlap aldylar. Şol eser baharyň başynda erik agaçlarynyň gülläp ösüşini beýan edýär. Akihitonyň dolandyran döwri Heýseý diýlip atlandyryldy, ol «dünýäniň gazananlary» diýmegi aňladýar. Şondan öň Sýowa döwri – «bilimli dünýä» diýlip atlandyrylypdyr.
Däp bolşy ýaly, tagta geçmek dabarasyna Ýaponiýanyň kanunçykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Kesgitlenen tertibe laýyklykda, bellenilen wagtda «Seiden» zalyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito dabaraly ýagdaýda gelýär hem-de Imperator tagtyna geçip oturýar.
Imperator Naruhito dabaraly söz sözleýär. Soňra Ýaponiýanyň Premýer-ministri gutlag sözi bilen çykyş edýär. Imperatoryň adyna uzak ömri aňladýan «Banzaý» gadymy ýapon arzuwy beýan edilýär.
Jaňyň sesi tagta geçmek dabarasynyň tamamlanandygyny aňladýar, şondan soň belent mertebeli myhmanlar bu ýerden ugraýarlar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......